images THE ASHGABAT TIMES

Abu Ali ibn Sina – lukmançylykda yz goýan beýik şahsyýet

11.10.2025

Lukman, alym, filosof we şahyr Abu Aly al-Hüseýin ibn Abdullah ibn al-Hasan ibn Ali ibn Sina (Günbatarda Awisenna diýlip tanalýan) şöhratly taryhymyzyň görnükli şahsyýetleriniň biridir. Ol çagalykdan örän zehinli bolupdyr, köp kitaplary okapdyr. 15 ýaşynda özbaşdak okap başlap, 18 ýaşynda özüni kämillik ýaşyna ýeten alym hökmünde tanadypdyr. Ýaş alym Gürgençde “Mamunyň akademiýasynda” okuwyny dowam etdirip, şol ýerde köp sanly alymlar, danalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ol lukmançylykdan başga-da fizika, matematika, astronomiýa, pelsepe ugurlary bilen hem gyzyklanypdyr. Görnükli alym ömrüniň dowamynda 29 ugurdan 450 sany eser ýazypdyr, ýöne biziň günlerimize 240-sy gelip ýetipdir. Lukman Hekimiň işini dowam etdirijileriň biri hem Jürjany bolupdyr. Ol lukman alymyň ýazyp ýetişmedik ençeme ýazgylaryny dowam edipdir.
Ibn Sinanyň uly göwrümli eseriniň biri hem bäş kitapdan ybarat bolan “Tebipçilik ylmynyň kanuny” atly işidir. Onuň lukmançylyk hakdaky eserlerini Günbataryň we Gündogaryň alymlary öz işlerinde peýdalanypdyrlar. Şeýle hem onuň “Şypalar kitaby” atly ensiklopediki eseri filosofik düşünjeleri, pelsepe we ylmyň dürli ugurlary boýunça baý maglumatlary öz içine alýar.
Abu Aly ibn Sina beýik zehini, ylyma bolan çäksiz söýgüsi we adamzat üçin bitiren işleri bilen dünýä taryhynyň iň beýik alymlarynyň hatarynda orun aldy. Onuň ýadygärligine diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hem heýkeller guruldy. Şeýle-de onuň ömri we döredijiligi diňe bir kitaplarda beýan edilmän, kinolarda-da janlandyryldy. Onuň döredijilik mirasy we lukmançylyk hakdaky eserleri, filosofiki pikirleri häzirki wagtda hem giňden peýdalanylýar.

Eziz ABDULLAÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
9841ea28 896c 4b2c 9dcb 72d43460c1ed THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli gymmatlyklarymyz – şanymyz-şöhratymyz!

bilim ulgamy dd THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Başlangyç bilimi kämilleşdirmek – möhüm wezipe

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop