Dark
Light
24.01.2026
alabay 1 1 THE ASHGABAT TIMES

Alabaý – türkmeniň buýsanjy we wepaly dost

30.10.2025

Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň gan arassalygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek maksady bilen, döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu işlere täze itergi berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kinologiýa toplumlarynyň hem-de merkezleriň döredilmegi türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny goramak we kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna esas döredýär. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlaryň dünýädäki abraýyny we şöhratyny artdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl uly dabara bilen geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna daşary ýurtlardan köp sanly hünärmenler gatnaşýarlar.
Türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmekde we wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Bu kitap diňe bir itşynaslar üçin gymmatly gollanma bolmak bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň gelip çykyşy, taryhy-medeni ähmiýeti we türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berýän düýpli çeşmedir. Onda taryhy we edebi maglumatlar, arheologiýa barlaglarynyň netijeleri beýan edilýär. Şeýle hem kitapda alabaýyň sakçy, goragçy we wepaly dost hökmündäki aýratynlyklary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Eseriň diňe türkmen dilinde däl-de, eýsem, rus we iňlis dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen alabaýy, onuň wepadarlygy, batyrlygy we asylly häsiýetleri barada giňişleýin düşünje almagyna ýardam berýär.

Baýrammuhammet BABAÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fffff THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyga esaslanýan täze başlangyçlar

kitap okuw bilim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Diliň gelip çykyşyna görä toparlara bölünişi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop