Dark
Light
27.12.2025
arkadag akhann n scaled THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri – binagärlik sungatynyň nusgasy

23.10.2025

Mälim bolşy ýaly, gurýan, döredýän döwlet kuwwatlydyr. Şoňa görä-de, şähergurluşygyň milli nusgasy hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri guwandyryjy ösüşlerimiziň, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäher türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan we yzygiderli tagallasyndan kemal tapdy.

Ähli babatda nusgalyk Arkadag şäheri dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşyk senagatynda amala aşyrylýan işler hem häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär. Bu «akylly» megataslama häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly şäherleriniň biri hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Muny «akylly» şäheriň häzirki wagta çenli halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp bolmagy hem aýdyň tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, gysga wagtyň içinde Arkadag şäheri ýaşlygyň we ýaşlaryň, geljegiň we giň mümkinçilikleriň şäherine, halkara derejeli forumlaryň geçirilýän iri merkezine öwrüldi. Şol sanda bu şäher ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň durmuşa ornaşdyrylýan, hünär kämilligini artdyrýan özboluşly meýdançasydyr. Arkadag şäherine «geljegiň şäheri» diýilmegi maksadalaýykdyr. Sebäbi adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, bilimiň, sanly maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek, ekologiýa ýetirilýän ýaramaz täsirleriň öňüni almak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak, adamlar üçin oňaýly iş şertlerini döretmek bütin dünýäde möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Arkadag şäherinde bolsa bu maksatlaryň ählisi göz öňünde tutuldy, olar sanly tehnologiýalar, innowasion çözgütler bilen utgaşdyryldy.

Gojaman Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan Arkadag şäheri döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny, durmuş hem önümçilik maksatly desgalary özünde jemleýär. Maglumat hökmünde belläp geçsek, täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Guwanç REJEPOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň harby tehnikalar we awto taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy, içerki gullugyň podpolkownigi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Güýz paslynyň ruhy gözelligi

alabay 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gerçeksiň sen, alabaýym!

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop