Dark
Light
26.01.2026
2222222 THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri – oýlanyşykly gurluşygyň we toplumlaýyn ösüşiň aýdyň mysalydyr

16.10.2025

Gurluşyk ösüşi pudagynda möhüm öňegidişlik gazanan Türkmenistanyň bu ugurda uly geljegi bar. Arkadag we Aşgabat şäherlerinde gurlan desgalaryň hili-de, möçberi-de hakyky hormata mynasypdyr. Bu barada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinden soň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň ýolbaşçysy Marat Husnulin žurnalistlere gürrüň berdi.
M.Husnulin: «Wekiliýetimiz täze «akylly» Arkadag şäherine baryp gördi. Munuň gysga wagtyň içinde durmuşa geçirilen dünýä derejesindäki taslamadygyny aýtmak isleýärin. Men 25 ýyl bäri şäher gurluşygy ugrunda işleýärin, şonuň üçin-de bu innowasion uly göwrümli meýilnamanyň durmuşa geçirilişi bilen hünär derejesinde tanyşmak meniň üçin gyzykly boldy» diýdi.
Russiýaly myhmanyň sözlerine görä, täze şäheriň ýaşaýyş jaýlary, ýörite ykdysady zolak, tehnologiýa seýilgähi we köp sanly okuw mekdepleri ýerleşýän bilim toplumy bilen sazlaşykly birleşdirilen ösüş ulgamy ony haýran galdyrypdyr. «Arkadag şäheri oýlanyşykly gurluşygyň we toplumlaýyn ösüşiň aýdyň mysalydyr» diýip, hökümetara toparyň başlygy belledi.
Şeýle hem M.Husnulin Russiýanyň häzirki wagtda sebitleýin ösüşi öz içine alýan «Ýaşaýyş üçin infrastruktura» milli taslamasyny durmuşa geçirýändigini, onuň çäginde ýerlerde hemmetaraplaýyn ösüşiň amala aşyrylýandygyny, şonuň üçin-de bu «akylly» şäheriň şunuň ýaly ösüş taslamasynyň rus tarapy üçin diýseň gyzyklydygyny aýtdy.
«Biz şäheriň infrastrukturasyny baş meýilnamalaşdyryş we «akylly» şäher tehnologiýalaryny ulanmak nukdaýnazaryndan gözden geçirdik. Bu ýerde «akylly» şäheriň ähli elementleri ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem, gurluşyk ölçegleri, çagalar baglary we mekdepler bilen üpjünligi hem meýdançalaryň deňligi bilen tanyşdyk. Dünýäde tutýan meýdanynyň 45 göteriminiň bag-bakja bolan şäherleriň köp däldigini belläsim gelýär. Şeýle hem, bu gök öwüsýän bag-bakjanyň emeli usulda döredilendigine düşünmek möhümdir, ýagny bu ýerde ozal hiç hili bag bolmandyr. Bu – örän gyzykly tejribe. Elbetde, biz amaly taýdan durmuşa geçirmekde-de, okuwda-da tejribe alyşmaga taýyn» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary öz pikirlerini beýan etdi.

Kowus ÇARYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sport umumy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport we bedenterbiýe – ýaşlaryň endigi

111111 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hazar deňziniň ekologiýasy baradaky edilýän aladalar

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam
GitTop