vlrx6yepcv4jdstyymzge2cveemo5b 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi

01.10.2025

2025-nji ýylyň 29–30-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde türkmen tarapyna maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulоw, wenger tarapyna bolsa, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Gündogar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi.

kfxln84nxt9fdbdmgmkjr4mop8ta2x 1500x800 2 THE ASHGABAT TIMES

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlenmek meseleleri girizildi.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp geçdiler.

Mejlisiň dowamynda oba hojalygy we azyk senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly däp bolan giň gerimli ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.

Toparyň agzalary hökümetleriň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goldamak baradaky Ylalaşygyň mümkin bolan çalt wagtda gol çekilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Bu resminama iki ýurduň ykdysady düzümleriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we Türkmenistana wenger maýalarynyň akymy üçin hukuk esasyny döretmäge mümkinçilik berer.

Iki ýurduň wekilleri yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem häzirki mejlisde gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça altynjy mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi. Taraplar toparyň ýedinji mejlisini Budapeşt şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
original THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kofe bilen başlaýan ruhy syýahat

exankeektokmcfdpzqpndhe5lpvywd 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

Soňkylar Habar

GitTop