Dark
Light
25.01.2026
v ashhabade proshel seminar dlya speczialistov telefona doveriya i soczialnyh rabotnikov THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda ynam telefon gulluklarynyň we sosial işgärleriň hünärmenleri üçin okuw maslahaty geçirildi

26.10.2025

2025-nji ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy ynam telefonynyň gulluklarynyň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Maşgala goldaw gulluklarynyň sosial işgärleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmek boýunça üç günlük okuw maslahatyny gurady.

Ýurduň ähli sebitlerinden hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny bermek meseleleri, hususan-da, maşgaladaky zorlugyň ýagdaýlaryna ýardam bermek, şeýle hem çylşyrymly ýagdaýlary dolandyrmak, şol sanda şeýle ýagdaýlarda işlemek üçin usulyýet we algoritmler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Esasy üns amaly endikleri ösdürmäge gönükdirildi. Gatnaşyjylar hasaba alyş we hasabat resminamalaryny ýöretmegiň esaslaryny özleşdirdiler. Mundan başga-da, kyn durmuş ýagdaýlaryndan ejir çeken aýal-gyzlaryň howpsuzlygyna we goldawyna uly üns berildi: hünärmenler şahsy howpsuzlyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagy, abonentlere habar bermegiň usullaryny we töwekgelçiligi kesgitlemegiň algoritmini öwrendiler.

Okuw maslahatyny Türkmenistanda bilim we maglumat işi bilen meşgullanýan hem-de ilatyň dürli gatlaklaryna, aýratyn-da, maşgaladaky kyn ýagdaýdan ejir çeken aýal-gyzlary goldamak boýunça 12 ýyldan gowrak tejribä eýe bolan «Keýik okara» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri geçirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

banklar guni THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde döwlet maliýe ulgamynyň orny we ösüş ugurlary

yunfpa provel onlajn trening po obnovleniyu klinicheskih protokolov dlya vrachej akusher ginekologov THE ASHGABAT TIMES
Next Story

UNFPA akuşer-ginekolog lukmanlary üçin kliniki protokollary täzelemek boýunça onlaýn okuw maslahatyny geçirdi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop