Dark
Light
27.12.2025
awaza bas 1 THE ASHGABAT TIMES

Awaza syýasy Jarnamasy: hyzmatdaşlygyň täze guraly

22.10.2025

Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 57 döwletiň awtordaşlygynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi barada gelip gowşan şatlykly habar hem döwletimiziň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýan ýurt hökmünde halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli «tegelek stol» duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Awaza forumynyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 14-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy, ynanyşmagy, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerledýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraý-mertebesini has-da dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 17-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, «BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr».

Häzirki wagtda Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalary bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Şu nukdaýnazardan ugur alsak, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 57 döwletiň awtordaşlygynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyryp, BMG-niň Awaza forumynyň uly ähmiýetini, şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Ysmaýyl ÇARYBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

talyp bilim yaslar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adamzadyň iň gymmatly baýlygy

yangyn barada THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýangyn howpsuzlygyny berjaý edeliň!

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop