bilim ulgamy dd THE ASHGABAT TIMES

Başlangyç bilimi kämilleşdirmek – möhüm wezipe

13.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Konsepsiýanyň IV babynda degişli bilim basgançaklary bilen bir hatarda başlangyç bilim maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek meselesine hem üns çekilýär. 

Konsepsiýada başlangyç bilim maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek wezipesiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy,  çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, bilim ulgamynyň başlangyç bilim derejesinde okuw-terbiýeçilik işinde kompetentlik çemeleşmesinden ugur almagyň möhümligi, umumybilim maksatnamasynyň bu derejesinde okuwçylarda kemala getirilýän başarnyklar, olaryň geljekki derejelerde üstünlikli okamaklarynyň, olarda täze bilim başarnyklarynyň kemala gelmeginiň we ösdürilmeginiň, olaryň sazlaşykly ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleriniň berk binýadyň goýulýandygy bellenilýär.

Konsepsiýa laýyklykda, okatmagyň kompetentlik çemeleşmesi pedagoglaryň öňünde bilim-terbiýe bermek işinde netijeli usullaryň toplumyny döredijilikli we giň gerimde peýdalanmaga ýol açýar. Şu maksat bilen, başlangyç synplarda okuwçylara bilim we terbiýe bermek işiniň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça usuly gollanmalar, okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklary nazarda tutulyp, innowasion okuw kitaplaryny taýýarlamak işleri dowam etdiriler. Umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinde şahsyýete, belli bir okuw dersine gönükdirilen, maglumat, okuwçylaryň bilim derejelerini bahalandyrmak, interaktiw, tankydy pikirlenmek, türgenleşik geçirmek we beýleki innowasion pedagogik tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagyna giň mümkinçilikler açylar we zerur şertler dörediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň düýpli we döwrebap bilim almagy, kämil terbiýelenmegi, pedagogik işgärleriň hünär taýdan kämilleşmegi ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Selbi BUGRAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 63-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
images THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Abu Ali ibn Sina – lukmançylykda yz goýan beýik şahsyýet

kitap gadymy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halk döredijiliginde fiziki hadysalaryň beýany

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop