Dark
Light
25.01.2026
sanly bilim THE ASHGABAT TIMES

Bilim – ähli döwürleriň baýlygy

20.10.2025

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.

Turuwbaşdan bellesek, 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygy esasynda şu Strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Biz — mugallymlar özümiz hakda edilýän hemmetaraplaýyn alada döredijilikli we yhlasly zähmetimiz bilen jogap berip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmelere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmaga çalşarys. Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Öwez GOÇOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döw­re­bap bi­lim öz­gert­me­le­ri

foto 3 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

FAO-nyň «Bitewi saglyk» sebitleýin taslamanyň çäginde «Brusellýoz» boýunça okuw maslahaty geçirilýär

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop