Dark
Light
25.01.2026
bilim 2024 1 THE ASHGABAT TIMES

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

21.10.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala gelmegine gönükdirilip, döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýady, kuwwatly hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine uly üns berilýär. 

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Şeýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär. Onuň talaplaryna laýyklykda häzirki wagtda bilim ulgamyna sanly iş we okuw usullary işjeň ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelikde, özgertmeleriň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, mugallymlaryň netijeli işlemeklerine, bilimiň ähli derejesinde okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýet ulgamy kämilleşdirildi.

Bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Çünki bilim jemgyýetiň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämilliginiň esasy şerti bolup, onuň üstünlikli ösüşine itergi berýär. Kanunda bilim edaralaryny esaslandyrmagyň, döretmegiň we olaryň işini ýöretmegiň düzgünleri bellenilýär. Hususan-da, döwrebap talaplara laýyklykda, bilimiň gurluşynda, mazmunynda täzelikler babatdaky kadalar Kanunyň rejelenen görnüşinde beýan edilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gaýgysyz JUMANÝAZOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

konsti THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Esasy Kanun: halkylyk, demokratiýa we işjeňlik

bmg b THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze Kararnama – parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň netijesi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop