Dark
Light
27.12.2025
caga 25 2 THE ASHGABAT TIMES

Bilime söýgi çagalykdan başlanýar

08.10.2025

Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine-de möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ylym-bilime höweslendirmegiň hut çagalar baglaryndan başlanmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklary esasynda, ýurdumyzda bu ugurda döwrebap özgertmeler, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyp, interaktiw usulda okuw-görkezme esbaplary, audio-wideo materiallary taýýarlamak we okuw işinde ulanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa çagalarda bilime söýginiň has körpeje wagtyndan başlanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär.

Mekdebe çenli bilim edaralarynda okuw sapaklaryny usuly taýdan dogry alyp barmak üçin, çagalar baglarynyň pedagogik işgärleriniň ulanýan her bir görkezme esbaby, elektron ýazgylary degişli okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, onda çagalaryň ýaş aýratynlyklary, ukyp-başarnyklary göz öňünde tutulmalydyr. okuw işlerini, öwrediji oýunlary innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen guramagyň peýdaly taraplary kändir. Emma çagalaryň sapagy özleşdiriş derejesiniň aýratynlyklaryny we isleglerini hem ünsden düşürmeli däl. Çagalaryň ýönekeý matematiki düşünjeleri öwrenmeklerini, özleşdirmeklerini gazanmak ilkinji hem-de zerur işleriň biridir. Bu olaryň akyl ýetiriş, pikirleniş ukybyny, ünsüni we ýatkeşligini ösdürýär. Netijede, bularyň barysy birleşip, çaganyň döredijilik başarnyklarynyň ösmegine getirýär.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň hut çagalar baglaryndan başlap döwrebap derejede bilim almaklary babatda taýsyz tagallalar edýän we bu ugurda ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Güljahan SÖÝÜNOWA,
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

world cotton day 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

AK ALTYNYŇ BAÝRAMY

metjit azer THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan Fizuli şäherinde metjit gurmaga girişdi

Soňkylar Makalalar

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop