Dark
Light
03.01.2026
d07314d02775f41213f99cea6a652040 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk — halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

31.10.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, asudalygyň hem-de ösüşiň ýurdy hökmünde dünýäde tanalýar. Her bir halkyň we döwletiň taryhynda ýatdan çykmajak wakalar bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hem şeýle taryhy pursatlaryň biridir.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, umumadamzat meselelerine oňyn çözgüt tapmakda dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapýar.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy hökmünde kabul edildi. Bu halkara guramanyň Düzgünnamasyna laýyklykda, agza ýurtlar halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine hormat goýmak borjuny öz üstüne alýarlar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa kabul edildi. Soňra 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda bu Rezolýusiýa ikinji gezek tassyklanyldy. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde bu Kararnama üçünji gezek kabul edildi.

Bu taryhy seneler Milletler Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň ösüşinde möhüm sahypa öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň 78-nji sessiýasynda öňe süren başlangyçlary – parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer ulgamlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak – dünýä jemgyýetçiliginde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlary, BMG, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen – Ösüş maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy – hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipeleri kesgitleýär. “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog – parahatçylygyň kepili” ýaly ýörelgeler esasynda halkara gatnaşyklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşulýar. Bitaraplyk syýasaty sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmekde uzakmöhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýär.

Türkmenistan BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna saýlanmagy bu hyzmatdaşlygyň oňyn netijesidir. Türkmenistan parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýäde tanalýar.

Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralanmagy bu taryhy wakanyň ähmiýetini has-da belende galdyrýar. Goý, parahatçylykly ösüş ýolunda Türkmenistanyň halkara abraýy mundan beýläk hem rowaçlansyn!

Leýla AKJAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

snimok ekrana 2024 11 30 064631 1733127963 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk –baky berkararlygyň binýady

glawny 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mukaddes Garaşsyzlyk we Hemişelik Bitaraplyk – türkmen halkynyň ruhy buýsanjy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop