Dark
Light
26.12.2025
THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – şanymyz we mertebämiz

27.10.2025

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — milletiň mertebeli şan-şöhratydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzyň 30 ýyllyk hemişelik Bitaraplyk baýramy uly şatlyk we buýsanç bilen bellenilýär. Paýtagtymyz Aşgabat we ähli welaýatlarymyz baýramçylyk lybasyna garylýar, halkymyzyň abadan durmuşynyň nyşany hökmünde ýörite çäreler we döredijilik dabaralary gurulýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden karary bilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy halkara derejesinde resmi taýdan ykrar edildi. Bu möhüm ädim döwletimiziň halkara syýasatyndaky ornuny we ynamy güýçlendirdi. Türkmenistan BMG-niň dürli mejlislerinde, şol sanda Baş Assambleýanyň degişli sessiýalarynda işjeň gatnaşdy we halkara platformalarynda ynamdar hyzmatdaş hökmünde ykrarlandy.

Türkmenistan sebitdäki durnuklylygyň we parahatçylygyň pugtalanmagyna gönükdirilen beýleki döwletler bilen dialogy we hyzmatdaşlygy sazlamaga uly üns berýär. Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly çözülmegine, sebitleýin ýaragsyzlanmaga, suw we energetika meseleleriniň deňeçer çözgüdi tapylmagyna, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine goldaw bermek arkaly ýurdumyz sebitde möhüm wekil bolup çykyş edýär. Aşgabatdaky gepleşikler we Türkmenistan tarapyndan döredilen gepleşik meýdançalary sebitde ynam döretmäge ýardam bergendir.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýady oňyn bitaraplykdyr. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary — parahatçylygy goraýyş, beýleki ýurtlaryň iç işine gatyşmazlyk, döwletleriň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamak hem-de halkara harby hyzmatdaşlyklara goşulmazlykdyr. Bu ýörelgeler türkmen halkynyň taryhy ruhy we däp-dessurlary bilen utgaşýar, milli syýasatyň we ykdysady ösüşiň wekilidir.

Bitaraplyk — ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili. Döwletimiziň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy — halkymyzyň parahatlygyny, dostlugyny we dünýäniň oňyn garaşyn alamatlandyrýan uly baýramdyr.

Laçyn MUHAMMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

572b426431c84f084ee14d298bfff0f9 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen alabaýy – milli buýsanjymyzyň nyşany

glawny 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk -belent buysanjymyz

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop