asgabatt THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk taglymaty: taryhy esas, berk binýat

28.10.2025

Garaşsyz ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna sebitiň we dünýäniň ösüş bähbitlerine oňyn täsir edýän çözgüt hökmünde ýokary baha berilýär. Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşdyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji Kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri Türkmenistan sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Şunda 2007-nji ýylda sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi aýratyn bellärliklidir.

Bitaraplygyň türkmen nusgasy hakda durup geçmek bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilendigini buýsançly nygtamalydyrys. 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi.

Halkara giňişlikde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
612da4d5c1c05474084320 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Telekeçilik pudagy ösdürilýär

220223 028 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Internet torlarynyň giňelmegi bilen maglumat alyş-çalyşygyň kämilleşmegi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop