Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan we Hemişelik wekiliň orunbasary jenap Tomisa Paowiç Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan marafona gatnaşmak üçin Lebap welaýatyna iş saparyny etdiler.

“BMG-niň 80 ýyllygyny bellemek üçin Türkmenistanyň bäş welaýatynyň hemmesinde marafonlar gurnaldy, bu bolsa jemgyýetçilik gatnaşygyny, agzybirligi we BMG-niň parahatçylyga, sagdyn durmuş ýörelgesine we durnukly ösüşe ygrarlylygyny görkezýär” diýip, hanym Saakýan belledi.

Saparyň dowamynda BMGÖM-niň ýolbaşçylary Global Daşky Gurşaw Gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Daşky Gurşawy Goramak ministrligi bilen bilelikde amala aşyrylýan “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” bilelikdäki taslamasy boýunça dowam edýän hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary Şöhrat Hojanazarow bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň netijeleri barada pikir bildirip, hanym Saakýan şeýle belledi: “Aral deňzi krizisi diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem suw howpsuzlygy, ekoulgamlar we oba ýaşaýyş serişdeleri üçin serhetüsti täsirleri bolan sebitleýin we global ekologiýa meselesidir. Sebit ýolbaşçylary bilen geçiren söhbetdeşliklerimiz ýerli derejede durnukly ýer dolandyryşynyň we ekoulgamy gorap saklamagyň ýerli jemgyýetler, esasanam zenanlar we ýaşlar üçin anyk netijeleri bermegini, şeýle hem sebitleýin durnuklylygy güýçlendirmegini üpjün etmek üçin strategik hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassyklady.”

Hanym Saakýan şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Aral deňzi taslamasynyň zenan peýdalanyjylary, şol sanda ýerli jemgyýetleriň alternatiw, howa üýtgemelerine çydamly ýaşaýyş serişderlerini nähili ösdürýändigini görkezýän aryçylaryň başlangyç toparynyň agzalary bilen duşuşdy.

“Oba zenanlary bilen duşuşyklar hemişe ylham beriji. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tehniki okuwlar, mentorlyk we innowasion, howa üýtgemelerine çydamly işleri goldamak arkaly zenanlara başarnyklaryny ösdürmäge, işlerini berkitmäge we çydamly jemgyýetleri gurmaga kömek edýär. Bu iş diňe bir zenanlaryň ykdysady taýdan güýçlenmegine ýardam bermän, eýsem oba jemgyýetlerine Aral deňzi krizisiniň dowam edýän täsirlerine has gowy uýgunlaşmaga kömek edýär” diýip, hanym Saakýan nygtady.

Soňra hanym Saakýan ýokarda agzalan bilelikdäki taslamanyň çäginde guralan “Ýaşyl pikirler: Zenanlar we howa” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdy. Bäsleşik Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylaryny ýerli ykdysadyýeti güýçlendirmäge we zenanlaryň karar kabul etmek amallaryna gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirilen innowasion, howa üýtgemelerine çydamly işewürlik pikirlerini işläp düzmäge höweslendirdi.

Şol bir wagtyň özünde, jenap Tomisa Paowiç Turkmenabatda «Future Skills Academy» başlangyjynyň ikinji tapgyrynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu çäre Ýaponiýa hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMG) Turkmenistan tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň (PVE) öňüni almak üçin çydamly jemgyýetleri ösdürmek” sebitleýin taslamasynyň milli derejede ýerine ýetirilýän böleginiň çäginde gurnaldy.

Çäräniň dowamynda ýaşlar Akademiýanyň maksatlary, hödürlenýän okuwlar, arza bermek prosesi, mentorlyk we amaly okuw mümkinçilikleri barada öwrendiler. Şeýle hem, sessiýada ýaşlaryň zähmet bazaryna taýýarlygyny we söhbetdeşlikden üstünlikli geçmegini ýokarlandyrmaga gönükdirilen interaktiw iş bilen üpjünçilik maksatnamasy hem bardy. Akademiýanyň açylyşy bilen bir hatarda, «Connect and Impress» iş ýarmarkasy geçirildi, onda iş berijiler, ýaşlar we ýerli hyzmatdaşlar aragatnaşyklaryny alyşdylar, maslahat aldylar we sebitde iş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu başlangyç barada pikirini bildirip, jenap Paowiç şeýle belledi: «Future Skills Academy» ýurduň dürli künjeklerinde ýaşlara üstünlikli iş bilen üpjün etmek üçin zerur bolan bilimleri we başarnyklary almaga kömek edýär. Ýokary hilli onlaýn kurslar, mentorlyk, amaly mümkinçilikler we interaktiw söhbetdeşlik okuwlary arkaly biz ýaşlara durnukly karýera gurmakda we jemgyýetlerini ösdürmekde goldaw berýäris”.
Bir günlük sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň jemgyýetiň durnuklylygyny güýçlendirmek, zenanlary we ýaşlary ygtyýarlandyrmak we milli hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durnukly ösüşi öňe sürmek boýunça yzygiderli ygrarlylygyny nygtady.
«THE ASHGABAT TIMES».