Dark
Light
03.01.2026
a.yazweliyew suraty THE ASHGABAT TIMES

Döredijilik – birleşdiriji güýç

02.10.2025

Ýaşlygymyzyň iň bir arzyly döwründe — talyplyk ýyllarymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagymyz uly bagt, belent mertebe. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyny diňe bir ýokary hormat we jogapkärçilik hökmünde däl, eýsem, medeniýetiň we sungatyň, edebiýatyň, döredijiligiň birleşdiriji güýjüniň nyşany, biz — ýaşlara döwlet derejesinde bildirilýän uly ynamyň alamaty hökmünde kabul edýäris.

Metbugat sahypalarynda ýaşlaryň döredijilikli işleri, şol sanda makalalarydyr hekaýalary, goşgulary halkymyza ýetirilýär. Derwaýys wakalara syn-seljerme bermäge, olar boýunça öz pikir-garaýyşlarymyzy beýan etmäge, döwrümize bolan buýsanjymyzy hut gazet sahypalary arkaly şöhlelendirmäge döredilýän mümkinçilikler biziň kalbymyzy nurlandyrýar, döredijilige bolan ynamymyzy berkidýär.

1759404108672 THE ASHGABAT TIMES

Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlary bilen biz — talyp ýaşlar üçin ähli şertler döredilýär, täze ýokary okuw mekdepleri gurulýar, bilim ulgamynda uly özgerişler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň hemmämizi bir mukaddes duýgy birleşdirýär, ol hem mähriban ýurdumyza, il-halkymyza çäksiz söýgüdir. Şoňa görä-de, biz — ajaýyp zamananyň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleri wagyz etmekde döredijilikli zähmet çekýäris.

Biz — geljekki halkaraçy hünärmenler hökmünde bütin dünýäde milli diplomatiýamyzy dabaralandyrmak bilen, ata Watanymyzyň belent ösüş-özgerişlerini dünýä ýaýmakda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde belentden wasp etmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil» gazetiniň habarçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyzlyk yaslar caga THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bagtly ykballaryň gözbaşy

cucha9pgutpgabd5qfqawj28df9puy 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop