Dark
Light
25.01.2026
halk maslahatynyn diwany 2 THE ASHGABAT TIMES

Döwletli çözgütler abadan durmuşyň binýadydyr

21.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we hukuk döwletiň binýady has-da pugtalanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleri barha rowaçlyklara beslenýär. Milli mirasymyzyň iň gowy däplerine berk eýermek arkaly döwlet gurluşynda, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde gymmatly halk tejribesini bu ugurda dünýäde gazanylan tejribeler bilen sazlaşykly utgaşdyrmak bilen ýetilýän sepgitler ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende göterýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynyň çuňňur mazmunyndan aýdyň görnüşi ýaly, täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň hem-de döwletiniň durmuşynda şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýarlygyna, abadançylygyna gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünliklere beslenýär. Berkarar Watanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda güýçli depginler bilen ösüp, bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Ýurdumyzda ähmiýeti we möçberi taýdan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurluşyklary güýçli depginlerde alnyp barylýar hem-de olar yzygiderli ulanmaga berilýär. Ýeri gelende aýtsak, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ahyryna çenli «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek boýunça özleşdiriljek düýpli maýa goýumlaryň möçberi 40 milliard 72 million manada ýeter. Munuň özi täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardyr, ähli amatlyklar döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr, bilim-terbiýe ojaklarydyr, saglygy goraýyş edaralarydyr. Alnyp barylýan şunuň ýaly tutumly işler halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy mejlisiň barşynda gol çeken Karary esasynda welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynda guruljak ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen şeýle taslamalaryň biridir.
Umuman aýdanyňda, abadan durmuşymyzyň binýadynyň berkdendigini aýdyň görkezen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň agzybir türkmen halkynyň baş maksady bolup durýandygyny ýene bir ýola jümle-jahana ýaýdy.

Aýgözel JORAÝEWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mak 4130 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bereketli – Altyn güýz

333 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

MILLI TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop