bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES

Döw­re­bap bi­lim öz­gert­me­le­ri

20.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösýär, özgerýär, has-da öňe barýar. Ähli pudaklaryň ösüşi bilen bir hatarda, bilim özgertmelerinde hem asylly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, sanly ulgama aýratyn üns berilýär, maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga badalga berýär.

Bilim özgertmeleriniň üstünlikli alnyp barylmagy netijesinde hünärmenleriň, zehinli ýaşlaryň hem täze nesli kemala gelýär. Bu günki ýaşlar sanly ulgama, kompýuter tehnologiýasyna we takyk bilimlere oňat düşünýärler. Munuň özi, ilkinji nobatda, bilimli hünärmenleriň kemala gelýändigi bilen baglanyşyklydyr. Sowatly, kämil hünär taýýarlygy bolan ýaşlary ýetişdirmegiň biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda dürli ugurlardan bilim berýän ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş hünärmenleri ýetişdirmegi, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň ösen kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bu işleriň rowaçlanýandygyny beýan edýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylmy we medeni ösüşler biziň her birimizi buýsandyrýar. Şonuň üçin hem bu günki gün ýaş nesli şeýle mukaddes gymmatlyklar esasynda terbiýelemek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işleriň amala aşyrylmagy halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr, berkarar ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp has-da gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş edýän kitaplary bolsa ýaşlaryň, biz — mugallymlaryň ýankitabymyza öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» ýaly eserleriniň üstüni ýetiren «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ylmy-filosofik eseri bolsa aýdyň we röwşen ýol-ýörelgedir, tutuş dünýäni nurlandyrýan şamçyragdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeler, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli çözgütler, maksada okgunly ösüşlerdir täzelikler umumadamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma eýe bolup, döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetirýär.

Akmuhammet MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýangyn-tehniki fakultetiniň ýangyn-tehniki kafedrasynyň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
snimok THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Lukmançylyk ylmyna goşant

sanly bilim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim – ähli döwürleriň baýlygy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop