Dark
Light
25.01.2026
parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplygyň türkmen nusgasy

06.10.2025

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş, ekologiýa, ynsanperwerlik we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de olar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek kabul edilip, türkmen Bitaraplygynyň häsiýetli aýratynlygy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan çuňňur öwrenilmäge başlandy. 2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň 2-nji maddasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalarynyň esasy mazmuny girizildi.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şeýlelikde, 2025-nji ýyl bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunda saýlap alan bitaraplyk nusgasynyň taryhy ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň paýhasyndan kemal tapýan beýik işler hem şanly taryhymyzdyr. Şunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeler Garaşsyz Watanymyzy hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda parahatçylykly ösüşiň belentliklerine ugrukdyrýar.

Adalat HUSAINOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň statisti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Raýat-hukuk gatnaşyklarynda döwrebap tejribelere esaslanyp

gun barada THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gün barada bileýin diýseňiz…

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop