gda dusenbe THE ASHGABAT TIMES

Duşenbede GDA-nyň sammiti geçirildi

11.10.2025

10-njy oktýabrda Duşenbedäki «Kasri Millat» köşgünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Arkalaşyga girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle-de GDA-nyň Baş sekretary sammite gatnaşmak üçin täjik paýtagtynda jemlendiler.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklygynda geçirilen sammitde jemi 20 sany mesele döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenildi. Ýokary derejeli duşuşykda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary, şol sanda dünýä we sebit derejesinde howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Arkalaşygyň çäginde syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy. Şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyňşu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenip, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglyk – Bagtyýar Durmuşyň Binýady

oba hojalyk 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gaýrat saňa, halal türkmen daýhany!

Soňkylar Habar

GitTop