Dark
Light
28.01.2026
oba hojalyk 25 THE ASHGABAT TIMES

Gaýrat saňa, halal türkmen daýhany!

11.10.2025

Bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny kemala getirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijiler maliýe-ykdysady taýdan goldanylýar. Daýhanlara dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli esasda karzlar berilýär. Munuň özi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna goşant goşýar.

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşlar edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk işgärleriniň uly zähmet üstünliklerini gazanandyklaryny bellediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen baglanyşdyryp, geljekde-de giň gerimde ösdüreris» diýen sözleri bolsa zähmetkeş halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny döretdi. Ýeri gelende bellesek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli oba zähmetkeşleriniň ençemesine döwlet sylaglarynyň, Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy olary ýeneki zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ekerançylarda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekmäge höwes döretdi. Şu ýyl edermen gallaçy daýhanlarymyz 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilip, 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. 10-njy sentýabrda bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Häzirki wagtda edermen daýhanlarymyz «ak altynyň» bol hasylyny ýygnamak işlerini üstünlikli dowam edýärler. Pagtaçylyk oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmegi nazarda tutýan Türkmenistanyň kanunlary, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary bu pudagyň kanunçylyk esaslaryny düzýär. Ýakyn we uzak möhletlere niýetlenen maksatnamalaryň hem pudagy ösdürmekde aýratyn orny bardyr. Olarda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin şertler döredilýär. Netijede, ýurdumyzda ekologik taýdan arassa gök önümleriň, miweleriň, bugdaýyň we pagtanyň bol hasyly ýetişdirilýär.

Gülbagt HÖWEZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gda dusenbe THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Duşenbede GDA-nyň sammiti geçirildi

bilim yaslar 24 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beýik menzillere çagyryş

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop