Dark
Light
25.01.2026
alabay 2 THE ASHGABAT TIMES

Gerçeksiň sen, alabaýym!

23.10.2025

Türkmen alabaýynyň baýramynda adamzat gymmatlygy derejesinde sarpalanýan milli baýlyklarymyza guwanjymyz, ynsanperwer taglymatlara ýugrulan milli gözbaşlarymyza buýsanjymyz dünýä dolýar. Bu günki nesillerimiz hem ata-babalarymyzdan nusga alyp, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyza sarpa goýýarlar. Şunda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň asylly başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde milli itşynaslyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär.

Türkmen alabaýy mertligiň, batyrlygyň nyşanydyr. Ol halkymyzyň mukaddes öý-ojagynyň ýa-da sürüsiniň wepaly sakçysy hökmünde ulanylman, olar Watan goragynda hem giňden peýdalanylýar. Bu onuň goragçy häsiýetiniň ýokarydygyny subut edýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly kitabynda bu ynsansypat jandara şeýle baha berýär: «Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr. Halkymyz öý-ojagynyň, mal-mülküniň goraglylygyny öz hemdemi bolan alabaýyna ynanyp, köňül rahatlygyny onuň bilen paýlaşýar».

Eýesine juda wepaly bolan itler, öz ýaşaýan öýüniň maşgala agzalarynyň asudalygy üçin janyny-da gaýgyrmandyrlar. Biziň häzirki günlerimize gelip ýeten halk rowaýatlarynda-da alabaýlaryň merdanalygy, olaryň wepalylygy we islendik çylşyrymly pursatlarynda öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyby barada aýdylýar. Iň bellärliklisi bolsa, olaryň söweşjeň häsiýete eýe bolmagydyr. Bu taryhy hakykatlar alabaýlara bolan sylag-sarpany, guwanjy has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işlerinde alabaý itleriniň ähmiýetini hiç bir zat deňäp bolmaýar. Olar serhetçiler bilen gije-gündiz serhet tabşyryklaryna gatnap, Watanymyzyň serhediniň goragyny üpjün etmekde, gümrük nokatlarynda we Ýaragly Güýçlerimiziň harby bölümlerinde ýakyn ýardamçydyrlar. Alabaý itleri merdana Watan goragçylarymyza köptaraplaýyn wepaly kömekçi bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin-de, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek babatynda uly aladalar edilýär. Bu bolsa ählimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär.

Annakuly NURNIÝAZOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň harby tehnikalar we awto taýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, içerki gullugyň maýory.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

arkadag akhann n THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäheri – binagärlik sungatynyň nusgasy

terbiye edep masgala THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli ýörelge – nusgalyk görelde

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop