THE ASHGABAT TIMES

Global ykdysadyýetde kiberhowpsuzlygyň orny

13.10.2025

Global ykdysadyýet häzirki wagtda sanlylaşma döwrüne doly gadam basdy. Dünýäde ähli ykdysady gatnaşyklaryň — önümçilikden söwda ulgamyna, bank hyzmatlaryndan döwlet dolandyryşyna çenli — ep-esli bölegi sanly platformalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle ýagdaýda maglumatlaryň, maliýe amallarynyň we elektron sistemalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek dünýä ykdysady durnuklylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Kiberhowpsuzlyk diňe tehnologiýanyň bir şahasy bolman, eýsem häzirki döwrüň ykdysady gurluşyny gorap saklaýan möhüm binýatdyr.


Dünýä ykdysadyýetiň ösüşinde maglumat alyş-çalyşygy möhüm orny eýeleýär. Kompaniýalar, banklar, halkara guramalar we döwlet edaralary gündelik millionlarça maglumat alyş-çalyşygy amala aşyrýarlar. Bu maglumatlaryň arasynda maliýe maglumatlary, karz maglumatlary, söwda şertnamalary, işçi maglumatlary ýaly örän möhüm maglumatlar ýerleşýär. Eger-de bu maglumatlar kiberhüjümçileriň eline düşse, diňe bir aýratyn kompaniýa däl, bütin ykdysady ulgam durnuksyzlaşyp biler. Şol sebäpli halkara ykdysady gatnaşyklarynda kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegi ykdysady diplomatiýanyň möhüm bölegi hökmünde kabul edilýär.


Bütindünýä ykdysady forumynyň (World Economic Forum) maglumatlaryna görä, her ýyl dünýä ykdysadyýeti kiberhüjümler sebäpli trillionlarça dollar ýitgi çekýär. Bu ýitgilere diňe serişdeleriň ogurlanmagy däl, eýsem kompaniýalaryň işiniň togtamagy, bazar ynamynyň peselmegi, hyzmatlaryň bökdelmegi ýaly ýagdaýlar hem girýär. Mysal üçin, 2021-nji ýylda ABŞ-nyň bir näçe uly energiýa kompaniýasy kiberhüjüme sezewar bolup, bu ýagdaý ýangyç üpjünçiliginde bökdençlik döretdi. Netijede, diňe bir kompaniýa däl, eýsem ýurduň ykdysady howpsuzlygy hem howp astynda galdy. Şunuň ýaly ýagdaýlar dünýä ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda ýüze çykyp biler. Şol sebäpli döwletler we halkara kompaniýalar kiberhowpsuzlyga uly möçberde maýa goýýarlar.


Kiberhowpsuzlygyň ösüşi diňe gorag çäreleri bilen çäklenmeýär. Ol täze ykdysady mümkinçilikleriň döremegine hem ýardam edýär. Häzirki wagtda kiberhowpsuzlyk hyzmatlary, programma üpjünçiligi, maglumat goragy, bulut tehnologiýalary ýaly ugurlar aýratyn ykdysady sektory emele getirýär. Bu ugurda ýüz müňlerçe hünärmen işleýär, täze iş orunlary döredilýär, halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär.


Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginde we ABŞ-da kiberhowpsuzlyk pudagy ýurtlaryň içerki önüminde (ÝGP) ep-esli paý eýeleýär. Şeýle hem Aziýanyň ösen ýurtlary — Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Singapur — sanly ykdysadyýet bilen birlikde kiberhowpsuzlyk bazaryny güýçlendirip, halkara hyzmat eksporty arkaly ykdysady girdeji gazanýarlar.


Kiberhowpsuzlyk ugurlarynda halkara hyzmatdaşlyk diňe tehniki däl, eýsem ykdysady ähmiýete hem eýedir. Döwletler maglumat alyş-çalyşynda, sanly söwdada, elektron töleglerde we halkara bank ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin özara ygtybarly ulgam döretmeli. Bu ýerde kiberhowpsuzlygyň derejesi hyzmatdaşlygyň ygtybarlygyny kesgitleýär. Bir ýurduň kiberhowpsuzlyk ulgamynyň gowşaklygy bütin sebitdäki ykdysady ulgam üçin howp döredip biler. Şonuň üçin BMG, OECD, ENISA ýaly halkara guramalar döwletleriň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge aýratyn üns berýärler.


Kiberhowpsuzlygyň ýokary derejesi bolan ýurtlar halkara bazarda ynam gazanýarlar. Mysal üçin, halkara töleg ulgamlarynda (Visa, MasterCard, SWIFT) işjeň gatnaşmak, onlaýn söwda platformalaryny ösdürmek ýa-da daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ýokary maglumat goragy derejesi zerurdyr. Şonuň üçin döwletleriň ykdysady abraýynyň möhüm bölegi hökmünde kiberhowpsuzlyk derejesi görkezilýär.


Umuman aýdanymyzda, global ykdysadyýetde kiberhowpsuzlygyň roly örän ulydyr. Ol diňe maglumatlary goramak bilen çäklenmän, dünýä ykdysady durnuklylygynyň, ynamyň we hyzmatdaşlygyň binýady bolup çykyş edýär. Kiberhowpsuzlygyň ýokarlanmagy bilen halkara bazarlarda bäsdeşlik adalatly bolýar, maýa goýum akymlary artýar, täze iş mümkinçilikleri döreýär. Şonuň üçin häzirki zaman ykdysadyýetiň her bir ugry üçin kiberhowpsuzlyk esasy strategiki ugur hökmünde garalmalydyr. Türkmenistanda hem bu ugra aýratyn üns berilmegi ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge, sanly ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmäge we milli ykdysady bähbitleri goramaga uly goşant goşar.

Bahar ALLAMYRADOWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljegiň binýady

tajik baydak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop