Dark
Light
27.12.2025
caga gownacma THE ASHGABAT TIMES

Güýz göwnaçmalary

20.10.2025

Okuw ýylynyň dowamynda dynç alyş möwsümlerde çagalar bakja-baglarynda göwnaçma çäreleri guralýar. Ine, şu günler hem güýzki dynç alyş möwsüminiň göwnaçma we gyzyklanma çäreleri bakja-baglarynda ruhubelent ýagdaýy emele getirýär. Bu möwsümiň gyzyklanma çäreleriniň meýilnamasynda aýdym-sazly göwnaçmalar, ertekiler dünýäsine gezelençler, hereketli we duýgulary ösdüriji oýunlar, many-mazmunly oýunlar, gyzyklanma çäreleri, gezelençler we bäsleşikler utgaşdyrylyp göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, mekdebe çenli ýaşly çagalar özbaşdaklygy, döredijilik işleri bilen meşgul bolmagy örän gowy görýärler. Çagalar bagynda dürli mazmunda guralýan göwnaçma agşamlarynyň üç hili görnüşi bardyr: 1) uly ýaşly adamlaryň çagalar üçin guraýan göwnaçma çäreleri. 2) çagalaryň öz güýçleri, döredijilikleri boýunça guraýan göwnaçma çäreleri. 3) Ulularyň hem-de çagalaryň bile gatnaşmagynda guralýan göwnaçma agşamlary.

Ýurdumyzda howa şertleriniň maýyl bolmagyna görä, göwnaçma çäreleri daşarda ýörite niýetlenen bassyrmalaryň aşagynda guralsa has gowy, gyzykly, şowhunly geçýär. Göwnaçma çäreleri uly we mekdebe taýýarlaýyş toparynda özbaşdak guralýar. Çagalaryň özbaşdak göwnaçma agşamlaryny meýilnamalaşdyrmaga ähli taýýarlyk işlerine ýakyndan kömek etmelidir we maslahat bermelidir. Göwnaçmalaryň mazmuny örän köpdürlüdir. Çagalar mazmun taýdan kyn bolmadyk ertekileri, hekaýalary sahnalaşdyryp, aýdym aýdyp, goşgy okap, şagalaň guraýarlar we ş.m. Uly toparyň çagalary gurjaklary oýnadyp, oýun guraýarlar. Çagalar toparlara, toparjyklara bölünip, sport ýaryşlaryny guraýarlar. Göwnaçma çärelerini aýdym-sazsyz göz öňüne getirmek kyndyr. 5-6 ýaşlaryndaky çagalar saza goşup, tans etmegi gowy görýärler. Şeýle aýratynlyklar nazar alnyp, güýzki dynç alyş möwsüminde çagalaryň ruhubelent dynç almaklary, bilimlerini berkitmekleri üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynda ähli şertler döredilýär. Bu döwürde altyn güýzüň tebigy gözellikleri çagalaryň ajaýyp oýun pursatlary bilen özboluşly sazlaşýar. Paslyň täsiri bu döwürde geçýän çärelerde örän ýiti duýulýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň altyn güýzünde biz hem körpelerimiziň sagdyn irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny berkitmekde, olaryň mynasyp dynç alşyny guramakda ähli bilim-terbiýeçilik işlerimizi has-da kämilleşdirmäge çalyşýarys. Şeýle uly mümkinçilikler üçin bolsa Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Güljemal ALLAKOWA,
Murgap etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

skcwexj7fcsjwhwaypjdlvc6autpvx 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

yrmuwkzwo636f3b1outdpy0cadd9pn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop