THE ASHGABAT TIMES

Güýz paslynyň ruhy gözelligi

23.10.2025

Güýz pasly tebigatyň iň agras, iň pelsepewi keşbine girýän döwri bolup, onuň berýän ruhy täsiri adamyň kalbyny rahatlandyrýar. Bu paslyň ajaýyp reňkleri, sarydan gyzyl reňklere geçýän ýapraklar, tebigatyň özboluşly sazlaşygy bilen şahyrlar hem güýzi çeper eserlerinde wasp edipdirler. Güýz diňe bir sowuklygyň habarcysy däl, eýsem topragyň berekediniň ýygnalýan, zähmetiň miweleriniň görülen döwrüdür.

Altyn güýzde ýagýan ýagyşlar tebigata başgaça bir nuranalyk çaýýar. Sowuk damjalar sary ýapraklaryň ýüzüni ýuwup, daş-töweregi asuda, ýumşak ýagtylyga büreýär. Güýzde ýagşyň astynda ýöremek, eger güýçli däl bolsa, adamyň ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edip, sussupeslikden saplanmaga ýardam berýär.

Bu paslyň gelmegi bilen adamlar ýyly geýimlere geçýärler, baglar bolsa ýapraklaryny saraldyp topraga düşürýärler. Gaçan ýapraklar göýä ene Ýeriň üstüne ýapylan sary öýme ýaly, tebigata aýratyn bir gelşik berýär. Şol pursatlar seniň kalbyňda Watanyň gözelligine bolan buýsanç oýarýar, hyýalyň guş bolup asmana göterilýär.

Parahatlyk we asudalyk bu paslyň ruhy mazmunynyň özenidir. Çünki parahatlyk adamzat ýaşaýşynyň iň gymmatly hazynasydyr. Güýz pasly diňe bir tebigatyň keşbini däl, eýsem adamyň içki dünýäsi bilen sazlaşýan ruhy gözelligi hem özünde jemleýär.

Aýsona HOJALYÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
qggxzqemmhpiwn48ibve6sjsgspdti 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar täze derejä çykýar

arkadag akhann n THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheri – binagärlik sungatynyň nusgasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop