Dark
Light
27.12.2025
hatyra halk THE ASHGABAT TIMES

Halk hakydasy – ýurt hatyrasy

06.10.2025

Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Munuň özi il-ýurt diýip göreşen merdanalary hatyralamagyň, ýüreklerde we hakydalarda saklamagyň, olaryň geçen ýoluny nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmegiň müňýyllyklardan gözbaşly ýörelgesidir.

Mälim bolşy ýaly, Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilýär, öý-ojaklarda sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär. Elbetde, halkyň hakydasynda köpasyrlyk tejribe, ýol-ýörelge jemlenendir. Halk hakydasy taryhyň gatlaryna siňen beýik ýeňişleriň, uly ösüşleriň, merdana pederlerimiziň gahrymançylygynyň hem şöhlelenmesidir. Şunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde edermenlik görkezip, pajygaly gijede ömür tanapyny kesen türkmeniň merdana ogly, edermen esger, ajaýyp mugallym, ilhalar ynsan — Gahryman Arkadagymyzyň atasy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewi aýratyn hormat bilen ýatlamak gerek.

Ýurdumyzyň şöhratly taryhy, nurana şu güni hem-de beýik geljegi bar. Türkmen paýtagty bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň we döredijiligiň amatly gurşawyna öwrüldi. Eziz Watanymyz mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden perzentlerini hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Milletler Bileleşiginde öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň bütin dünýäde dabaralanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa buýsançly wakalaryň hataryndan orun aldy.

Jemläp aýdanyňda, merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy. Hatyra gününde öten-geçenleriň ruhuna bagyşlap berilýän sadakalar, okalýan aýat-töwirler, ýagşy doga-dilegler kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe abadan durmuş höküm sürsün! Ýurdumyz gülläp össün! Dünýämiz parahat bolsun!

Batyr ABALAKOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hatyra halk hakyda THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk hakydasyna hormat

sary yapon caga THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaponiýada çagalar näme üçin sary reňkli şapka geýýärler?

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop