Dark
Light
27.12.2025
rus dili kurslari THE ASHGABAT TIMES

Halkara aragatnaşygyň esasy dili

06.10.2025

Rus dili slawýan dilleriniň arasynda has giň ýaýran, geografiki nukdaýnazardan we gepleşýänleriň umumy sany boýunça dünýä dilleriniň ilkinji onlugynyň sanawyna girýär. Internetde ulanylýan dilleriň arasynda hem iň ýörgünlisi rus dilidir. Rus dili dünýädäki iň kyn dilleriň biridir. Şeýle-de bolsa rus dilini öwrenmek üçin sarp edilýän wagt adamdan adama üýtgeýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary ýurt dillerini, aýratyn-da, rus dilini öwrenmäge ähmiýet berilýär. Daşary ýurt diline eýe bolmak halklaryň arasynda dostluk, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmagyna, ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşmaklaryna ýardam edýär. Rus dili GDA ýurtlarynyň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem, işjeňlik dili hem bolup durýar. Şonuň üçin hem ykdysatçylara, telekeçilere we talyplara rus dilini öwrenmek peýdalydyr hem wajypdyr. Beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär.

Rus dilinde, takmynan, 350000 sözüň bardygyny we iň uly rus sözlüginde takmynan 200000 sözüň bardygy mälimdir. Rus dilinde erkin gürlemek üçin bu sözleriň diňe 5%-ini öwrenmek ýeterlikdir. Dünýäde rus dilini ene dili hökmünde ulanýanlaryň sany 164 milliona deňdir. Bu dili ikinji dil hökmünde ulanýanlaryň sany bolsa 114 milliona barabardyr. Şeýlelikde, rus dilinde gepleşýänleriň sany 278 milliona barabardyr. Rus dili Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili, Belarusuň iki döwlet diliniň biridir, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we käbir beýleki ýurtlaryň resmi dilleriniň hataryndadyr. Şeýle hem Ýewraziýada, Gündogar Ýewropada halkara aragatnaşygyň esasy dilidir, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň alty iş diliniň biridir.

Internet ulgamynda rus dilini ulanyjylaryň sany 105 milliondan gowrakdyr. Şulary göz öňünde tutup, rus dilini öwrenmegiň ähmiýetiniň uludygyny nygtasymyz gelýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda hem rus dilini öwretmäge uly üns berilýär.

Merjen HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň rus dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

628b2226572c0688768982 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň häzirki ykdysadyýeti we ösüş ugurlary

oklukirpi palma THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oklukirpi palmasy

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop