Dark
Light
26.01.2026
111111 THE ASHGABAT TIMES

Hazar deňziniň ekologiýasy baradaky edilýän aladalar

16.10.2025

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerine bilelikde ylmy ekspedisiýa gurady.
Meýdan işleriniň maksady deňziň terk eden kenarýaka sebitlerinde haýsy esasy ösümlikleriň ýüze çykýandygyny kesgitlemekdi. Ylmy saparda Hazar deňzine-de, Garabogazköl aýlagyna-da deň derejede üns berildi, bu ýer saý bolansoň, suwy has çalt çekilýär. Ýöriteleşdirilen maglumatlary ýygnamak we gaýtadan işlemek Hazar deňziniň meseleleri, şol sanda deňiz derejesiniň üýtgemegi, sebäpleri we uýgunlaşma strategiýasynyň nusgalary boýunça ýakyn wagtda geçiriljek ylmy konferensiýada Hazar ýakasynyň tebigy ulgamlarynyň özgerişini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.
Ylmy maslahatyň geljek ýylyň maý aýynda Bakuda, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň (Tähran) we Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň howandarlygynda garyşyk görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäre dört mowzuky bölümi öz içine alýar: Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi; paleogeografik we howany öwreniş agtaryşlary; deňiziň derejesiniň nusgasy: kynçylyklar we çözgütler; deňiz derejesiniň üýtgemeginiň deňiz we kenar ekologik ulgamlaryna täsiri we kenarýaka sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşi; suw derejesiniň üýtgemegine uýgunlaşma strategiýalary.
Guramaçylyk komiteti, esasy çykyşlary goşmak bilen, Hazaryň kenar ýakasyndaky her döwletiň ylmy barlagçylarynyň huzury gatnaşmagyny goldamagy meýilleşdirýär. Onuň agzalygyna Tähran konwensiýasynyň we Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň ýurt wekilleri, şeýle hem milli ministrlikler tarapyndan bellenen daşky gurşaw goragy boýunça jogapkär hünärmenler girer. Düzümine dürli ýurtlaryň halkara meşhur alymlary girjek synçy topar konferensiýada okalmagy, soňlugy bilen bolsa, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi üçin, 40-a golaý makalany (her bölümden 10-a çenli) saýlap alar.
Ylmy saparyň ahyrynda Hazaryň türkmen ýakasyna gaýdyp gelenlerinde, alymlar gidromorf guşaklykda şora çydamly birýyllyk ösümlikleriň köpdügini belleýärler. Tebigy profildäki bu düýpli üýtgeşiklik çüpremegi, çölleşmegi şeýle hem, bularyň tersine tebigatyň boş ýerleri doldurmak we tebigaty üýtgetmek ukybyny görkezýär. Öňki deňiz düýbünde ýüze çykýan «ýerüsti» ekologik ulgamlar tebigy toplumyň täze görnüşi hökmünde öwrenmek we syn etmek üçin gyzyklydyr.

Myrat GURBANMYRADOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2222222 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäheri – oýlanyşykly gurluşygyň we toplumlaýyn ösüşiň aýdyň mysalydyr

ascvui7f3a6qjwp11rkmmakmclypdy 1500x800 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop