w6otoxrhhgp1kgub1hff4xxihuwwae 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi

27.10.2025

2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dmitriý Lýubinskiý ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Geňeşmeleriň barşynda häzirki zaman ählumumy we sebitleýin howplar, şol sanda Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar babatyndaky garaýyşlar alşyldy.

Gepleşiklere gatnaşyjylar howpsuzlyk we täze wehimlere we howplara garşy göreşmek babatyndaky ikitaraplaýyn görnüşdäki türkmen-rus hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler.

Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeliligini nygtamak bilen, diplomatlar köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki howpsuzlyk we täze wehimlere we howplara garşy göreşmek babatyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar.

Öňdebaryjy tejribäni umumylaşdyrmagyň we seljermegiň, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň maglumat howpsuzlygy babatynda ygtyýarly edaralarynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň möhümdigine üns çekildi.

Degişli ugurda daşary syýasat babatynda ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de özara goldaw bermäge bolan meýil tassyklanyldy. Yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2 copy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMGÖM BMG-niň 80 ýyllygyny belleýär we Lebap welaýatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

k4sphsdfmzbkhed04uuysgijggua7y 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop