Dark
Light
27.12.2025
bmg guni THE ASHGABAT TIMES

Hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy

25.10.2025

Taryhyň ýowuz wakalary, dünýäni sarsdyran gapma-garşylyklar halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň iň esasy şertdigini, diňe parahatçylygy dörediji işleriň islendik ýurdy we bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup biljekdigini subut etdi. Hut şu pikir 80 ýyl mundan ozal Milletler Bileleşiginiň esasçylaryny San-Fransiskoda birleşdirdi. Şunda diplomatiýanyň köptaraply forumy hökmünde Birleşen Milletler Guramasy döredildi hem-de onuň Tertipnamasy ― häzirki zamanyň iň möhüm halkara hukuk resminamasy kabul edildi. Ol 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda güýje girdi we şol gün BMG-niň döredilen güni hökmünde jar edildi.

Milletler Bileleşigi ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy we çalşyp bolmajak mehanizmidir, ýüze çykýan meseleleri çözmekde iň ýokary halkara derejedir. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmekdir. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen we kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» hem berkidilendir.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Geçen 33 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şunda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji, 77-nji we 79-njy sessiýalarynda 8 gezek wise-başlyklyk edendigini aýratyn bellemek gerek. Baş Assambleýanyň nobatdaky ýubileý sessiýasy bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär.

BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Şunda 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahatyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi. Munuň özi milli diplomatiýamyzyň hem ajaýyp ýeňşidir.

Magtymguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tebigat bas 780x470 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşyl toprak, arassa howa – biziň jemgyýetçilik borjumyz

italiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – Italiýa: dostluk, ynanyşmak, netijelilik

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop