Dark
Light
25.01.2026
347588948207368 THE ASHGABAT TIMES

Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsü açyldy

03.10.2025

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Guýçžou welaýatynda ýerleşýän täze Huaçzýan köprüsü resmi taýdan ulanyşa berildi. Bu inženerlik desgasy dünýäniň iň beýik köprüsü hökmünde tanalýar. Sinhua agentliginiň maglumatyna görä, köprüniň Beýpançzýan derýasynyň üstünden beýikligi 625 metre ýetýär.

Täze köpri San-Fransiskodaky meşhur “Altyn derweze” köprüsinden diýen ýaly dokuz esse beýikdir. Üç ýyl dowam eden gurluşyk işleriniň netijesinde köprüniň umumy uzynlygy 2890 metre ýetýär, esasy böleginiň (prolýetiň) uzynlygy bolsa 1420 metrdir.

Guýçžou welaýatynyň häkimiýetleri bu köpriniň dağlyk ýerde gurlan iň iri polat ferma balkaly asma köpri bolup durýandygyny belleýärler. Mundan öňki rekord hem Beýpançzýan derýasynyň üstünden geçýän başga bir köprä degişli bolup, onuň beýikligi 565,4 metrdi. Ol täze köprüden takmynan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Täze köprüniň ulanyşa girizilmegi bilen, öň iki sagat dowam edýän ýol indi bary-ýogy iki minutda geçilýär. Bu bolsa sebitdäki ulag gatnawynyň tizligini we amatlylygyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Guýçžou welaýatynda 30 müňden gowrak köpri bar. Dünýäniň iň beýik köprüleriniň sanawynda bu welaýatdan üç köpri öňdäki orunlary eýeleýär. Şeýle hem, dünýäde iň iri 100 köprüniň takmynan ýarysy hut şu sebitde ýerleşýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1212414142141 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ilon Maskyň baýlygy 500 milliard dollara ýetdi

garassyzlyk bar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk – halkyň ykbaly

Soňkylar Dünýä habarlary

Amazon

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

21.01.2026
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web
GitTop