Dark
Light
24.01.2026
glawny THE ASHGABAT TIMES

Il saglygy — ýurt baýlygy

10.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda adam saglygyny goramak, sagdyn nesli terbiýelemek we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolup çykyş edýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan bejeriş usullarynyň giňden ulanylmagy we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagy bu ulgamda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda häzirki zaman sagaldyş, dikeldiş we keselleriň öňüni alyş merkezleriniň gurulmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş derejesiniň ýokarydygyny görkezýär. Ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalar, ylmy-kliniki merkezler hem-de şypahanalar halkymyza ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Bu bolsa halk bähbitli tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir.

Il saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we jemgyýetde sagdyn ýaşaýyş medeniýetini ösdürmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň miwesidir.

Türkmenistan sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkidýän, halkyň saglygyny döwlet baýlygy hökmünde gorap saklaýan ýurt hökmünde öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Aly ALYÝEW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Körpeleriň irki ösüşi ugrunda

sowda senagat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglyk, bilim, sport: döwrebap tejribeler, ösen tehnologiýalar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop