Dark
Light
27.12.2025
1212414142141 THE ASHGABAT TIMES

Ilon Maskyň baýlygy 500 milliard dollara ýetdi

03.10.2025

SpaceX, Tesla we X (ozalky Twitter) kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda dünýäde ilkinji bolup 500 milliard dollarlyk baýlyga eýe boldy. Bu barada Forbes žurnaly özüniň Real-Time Billionaires indeksine salgylanyp habar berýär.

1-nji oktýabrda ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 15:30-da Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň ep-esli ýokarlanmagy bilen Maskyň baýlygy bir günde 9,3 milliard dollar artdy. Şeýlelikde, onuň baýlygy 500 milliard dollara ýetdi. Gün tamamlananda bolsa bu görkeziji birneme peselip, 499,1 milliard dollara deň boldy.

Ilon Maskyň baýlygynyň ösüşi örän çalt boldy:

  • Mart 2020: 24,6 milliard dollar
  • Awgust 2020: 100 milliard dollar
  • Ýanwar 2021: 190 milliard dollar — dünýäniň iň baý adamy
  • Sentýabr 2021: 200 milliard dollar
  • Noýabr 2021: 300 milliard dollar
  • Dekabr 2024: 400 milliard dollar
  • Oktýabr 2025: 500 milliard dollar

Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, Maskyň baýlygy 470 milliard dollara deň bolup biler. Ikinji orunda Oracle kompaniýasynyň esaslandyryjysy Larri Ellison durýar. Onuň baýlygy Maskdan 120–150 milliard dollar az hasaplanylýar.

Forbes žurnaly Ilon Maskyň 2033-nji ýylyň mart aýyna çenli dünýäde ilkinji dollar trillioneri bolup biljekdigini çaklaýar. Şeýle hem, Informa Connect Academy analitik topary geçen ýyl bu sepgide Maskyň 2027-nji ýylda ýetip biljekdigini öňe sürdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

021025 10 sbornik THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda “Sport – parahatçylygyň ilçisi” atly halkara ylmy ýygyndy çap edildi

347588948207368 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsü açyldy

Soňkylar Dünýä habarlary

Benzema surat üçin 10 million ýewro töledi

25.12.2025
Karim Benzema Pablo Pikassonyň «Sakgally adamyň portreti» atly suratyny 10 million ýewro satyn aldy. «Al Ittihad» toparynyň hüjümçisi 1964-nji ýyldaky polotnonyň (matanyň esasynda çekilen

Bişkekde IV Halk Gurultaýy öz işine başlady

25.12.2025
Şu gün Biškek şäherinde IV Halk Gurultaýy öz işine başlady. Çärä Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de ýurduň ähli sebitlerinden gelen 700 wekili gatnaşýar. Gurultaýyň
GitTop