Ol – kitap. «Kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr» diýip, nesil terbiýesinde kitaplaryň ornuna aýratyn ähmiýet beripdirler. Kitap okamak endigini, kitaba söýgini mizemez ýörelgä öwren ata-babalarymyzyň şol ýolunyň häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilmegi, raýatlarymyz, aýratyn-da, ýaş nesillerimiz üçin bu babatda ähli şertleriň döredilmegi bizi diýseň buýsandyrýar.
Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda kitap okamagyň peýdasy, onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti barada durup geçýär. Bu ajaýyp eserde dürli ugurlara degişli gymmatly maglumatlar bar. Şolaryň möhüm ähmiýetlileriniň biri hökmünde kär-hünär terbiýesi barada gürrüň berilýär: «Her bir ynsan üçin şahsy zähmetiniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmesinden ýokary sylag ýokdur. «Adam eli gyzyl gül» diýipdirler. Elbetde, agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr. Ýaşlarymyz öz zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşýandyklaryna oňat düşünmelidirler».
Kitap okaýan ynsanlaryň kalby hemişe şatlyk, begenç duýgusy bilen dolýar. Kitap ynsanlary hemişe maksada okgunly hereket etmäge ruhlandyrýar. Kitap ynsanlaryň iň ýakyn dostudyr. Parasatly ata-babalarymyz kitaby bilim sandygyna, akyl jamyna meňzedipdirler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kitaplaryň üsti bilen biz hemme zady diýen ýaly: adamlary we älemi, dünýämiziň ýakyn we alys ýyldyzlaryny, asmanyň aňyrsyndaky we Zeminiň astyndaky zerrelere çenli akyl ýetirip, öwrenip bilýäris. Şonuň üçin ýaşlarda kitaba bolan söýgini terbiýelemek, okamaga bolan höwesini artdyrmak wajyp wezipedir.
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, doly derejede täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen, şeýle-de kitap gory has-da köpeldilen milli kitaphanalarymyz okyjylaryň hyzmatyndadyr. Goý, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Solmaz RAZZAKOWA,
Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň Esenmeňli bölümçesiniň kitaphanaçysy, Halaç etrap Agrar partiýasynyň agzasy.