Dark
Light
27.12.2025
chitaet knigi 918x516 1 THE ASHGABAT TIMES

Kitap okamagyň ähmiýeti

21.10.2025

Kitap adam ömründe örän möhüm orny eýeleýär. Ol adam ahlagyny terbiýeleýär, dünýägaraýşyny giňeldýär, zehinini ösdürýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginden ugur alsaň, okamagyň ähli üstünlikleriň açarydygy hakyndaky ganatly jümleleriň manysyna düşünýärsiň. Magtymguly atamyz: «Kitap okan gullar magnydan dokdur…» diýip kitabyň ynsany kämilleşdirýändigini nygtasa, Abdyrahman Jamy kitabyň adamzadyň iň ýakyn dostdugyny nygtap şeýle diýýär:

Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,
Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy.
Kitap dostdur, asla gama batyrmaz,
Pähmiňi goýaldar, pikirleň şasy.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan kitaplaryny okanyňda ähli şowlulyklaryň gözbaşynda okamak, öwrenmek durandygyny görmek bolýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda okamagyň ähmiýeti hakynda aýdylan: «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitaby magşuk saý, özüňi – aşyk», «Okamak – iňňe bilen guýy gazmak» ýaly dana sözler halkymyzyň kitap bilen bolan gatnaşygyndaky uly hormaty görkezýär.
Ýaşlary Watany söýýän, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly, bilimli adamlar edip ýetişdirmekde kitap bilen dostlaşdyrmagyň uly ähmiýeti bar. Ylymly-bilimli ýaşlar bolsa okan kitaplaryndan kämilleşmegi, diýmek, Watany söýmegi, pederlere, ata-Watana mynasyp nesil bolmagy, zamana mynasyp ýaşamagy kalplaryna siňdirýärler. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesiniň many çuňlugyna aralaşsaň, onuň her bir adamyň Watanyny beýgeltmek üçin kämil bolmalydygyna, ýagny okamalydygyna, öwrenmelidigine göz ýetirýärsiň.

Zaripbaý NURUDDINOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2413 tm alabay 12 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen Alabaýynyň wepalylygy we mertligi

mak 4130 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bereketli – Altyn güýz

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop