Dark
Light
24.01.2026
caga 25 THE ASHGABAT TIMES

Körpeleriň irki ösüşi ugrunda

10.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýanlyga, her pursatynyň many-mazmuna beslenýän terbiýe ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjydyr.

Çagalaryň sagdyn ösmegi, irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň gazanylmagy, milli ruhda terbiýelenmegi babatda köpçülikleýin işlere, çärelere, köpugurly bäsleşiklere taýýarlanmak hem esasy maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar. Şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli çagalar bakja-bagymyzda säherlikleri, dynç alyş döwürleri gyzyklanma çäreleri, göwnaçmalary, gezelençleri hem meýilnamalaýyn esasda gurap, bagtyýar nesillerimiziň ruhubelentligini gazanmaga çalyşýarys. Ata-eneler, mekdep we jemgyýetçilik guramalary bilen gatnaşyklaryň mazmunly we netijeli guralmagyna hem aýratyn ähmiýet berýäris.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan ugur alyp, mekdebe çenli bilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň täze tejribeleri hem öwrenilýär we özleşdirilýär. Şol sanda çagalar bakja-bagymyzda pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribelerini artdyrmak maksady bilen usuly sagatlary, pedagogik geňeşleri has-da mazmunly we netijeli guramaga üns berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli, pedagogik işgärleriň has-da kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Äşe GULMANOWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!

glawny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Il saglygy — ýurt baýlygy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop