Dark
Light
27.12.2025
snimok THE ASHGABAT TIMES

Lukmançylyk ylmyna goşant

20.10.2025

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu ajaýyp eserler  ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýakymly baýramçylyk sowgady boldy.

Lukman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasyna elýeterli edildi. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ulgamyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesi, döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Saglygy goraýyşda gazanylan üstünlikleri berkitmek, ýurduň sagdyn geljege tarap alyp barýan üstünlikli ösüş ýoluny batly gadamlar bilen dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 26-njy martyndaky degişli Kararyna laýyklykda, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Bu babatda nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Ogulsona ARAZMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim ylym yaslar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Asylly maksatlardan ugur alyp

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döw­re­bap bi­lim öz­gert­me­le­ri

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop