Dark
Light
29.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Medeniýet — milli ruhuň binýady

10.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň medeniýet ulgamy täze ösüş tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde medeniýet we sungat jemgyýetiň ruhy binýady hökmünde has-da kämilleşdirilýär.

Döwlet derejesinde sungatyň dürli görnüşlerini dikeltmek, ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler ýokary netijelere eýe bolýar. Halkara medeni gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň we maslahatlaryň yzygiderli guralmagy türkmen medeniýetiniň dünýä derejesindäki ornuny berkidýär.

Türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlary, halk döredijiligi we sungaty häzirki döwürde täze öwüşgin bilen ösdürilýär. Zehinli ýaşlar we ussat halypalar şöhratly taryhymyzy, eşretli zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazlary, sahna eserlerini, tanslary we kinofilmleri döredýärler. Teleradiogepleşikler arkaly bu medeni gymmatlyklar giň tomaşaçy köpçüligine ýetirilýär.

Döwletimiz tarapyndan gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň we sungat mekdepleriniň açylmagy döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýär. Bu desgalarda geçirilýän bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary we medeni çäreler ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna we ösdürilmegine itergi berýär.

Medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Döretmegi, aýdym aýtmagy, sahna çykmagy halaýan ýaşlaryň dilinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyşly senalar aýdym bolup ýaňlanýar. Bu senalar halkymyzy nurana geljege alyp barýan syýasatyň halk tarapyndan goldanýandygynyň nyşanydyr.

Türkmen medeniýeti — halkymyzyň ruhy baýlygy, döwletimiziň abraýynyň beýany. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň medeni ösüşiniň täze sahypasyny ýazýar.

Aýmanjan ATAJANOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

koneurgenjin mukaddeslikleri bggubk31fa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Horezm sungatynda saklanan syrlar

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglyk – Bagtyýar Durmuşyň Binýady

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop