flags language THE ASHGABAT TIMES

Medeniýetara gatnaşyklarda daşary ýurt dilleriniň orny

15.10.2025

Globallaşmanyň çalt depginde ösýän häzirki döwründe diplomatiýanyň, halkara hyzmatdaşlygynyň we medeniýetara gatnaşyklaryň ähmiýeti has-da artýar. Bu gatnaşyklaryň üstünlikli alnyp barylmagynda esasy gurallar hökmünde dialog we dil çykyş edýär. Sebäbi dil diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, halklaryň arasynda düşünişmegiň, hormat goýmagyň we ynanyşmagyň binýadydyr.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek diňe bir grammatikany ýa-da söz baýlygyny özleşdirmek bilen çäklenmän, şol diliň ulanylýan jemgyýetiniň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny hem öwrenmegi öz içine alýar. Bu bolsa dürli halklaryň arasynda medeni köpri gurmaga, birek-biregiň gymmatlyklaryna hormat goýulmagyna we medeniýetara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň arasynda alnyp barylýan talyp alyş-çalşygy programmalary, esasan hem daşary ýurt dilleri we halkara gatnaşyklary ugurlarynda giňden ýaýrandyr. Bu tejribeler bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýaşlaryň dünýä garaýşyny giňeldýär we olary halkara giňişliginde bäsdeşlige ukyply şahslar hökmünde kemala getirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Mekdeplerde çagalar kiçi ýaşlaryndan başlap rus, iňlis, ýapon, nemes, fransuz, hytaý ýaly dilleri öwrenýärler. Bu diller bilen birlikde, degişli ýurtlaryň geografiki aýratynlyklary, medeniýeti we däp-dessurlary hem öwredilýär. Şeýlelikde, ýaş nesil diňe bir dil taýdan däl, eýsem, medeni taýdan hem baýlaşýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dillerini hünär derejesinde öwrenmek üçin ähli şertler döredilen. Okuw programmalary halkara ülňülere laýyklykda taýýarlanylýar, daşary ýurtly mugallymlar bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar, sanly bilim serişdeleri giňden ulanylýar.

Türkmenistanyň Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasaty halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim we medeniýet ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bu syýasat dürli dillerde gepleşikleriň ösdürilmegine, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagyna hyzmat edýär.

Leýli JUMAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
glawny 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Röwşen geljege barýan ýol

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk ― dünýäniň ýürek aýdymy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop