9841ea28 896c 4b2c 9dcb 72d43460c1ed THE ASHGABAT TIMES

Milli gymmatlyklarymyz – şanymyz-şöhratymyz!

11.10.2025

Haly türkmen milletiniň iň gymmatly we kämil mirasydyr. Biziň ata Watanymyz Türkmenistan hem dünýäde halyçylygyň ýüregi hasaplanylýar. Halylarymyzdaky ajaýyp nagyşlar milletimiziň gözelliginiň we ýaşaýşa bolan söýgüsiniň nyşanyna öwrüldi. Gaýtalanmajak inçe sungatymyz bolan türkmen halylarynyň waspy diňe bir ýüreklerde ornaşman, eýsem şahyrlarymyzyň kalplarynda hem ylham tapýar. Döredijilik ylhamynyň joşgunyny, mähir-muhabbetini goşa ganata öwrüp, päk zähmetleri bilen gaýtalanmajak sungat eserini döreden çeper elli zenanlarymyz, halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýlerimizde, ýigidiň söwer dosty uçmahy hasaplanýan behişdi bedewlerimizde arzylap, apalap, sarpalap bezäpdirler, bu bolsa biziň milli mirasymyza goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Irki döwürlerden bäri adamlar gözel tebigatyň – ýaşaýşyň zerur çeşmesi bolan iňňän gymmat baýlykdygyna göz ýetirip, oňa mährini, söýgüsini, zähmetini siňdirip, tebigat baradaky pähim-paýhaslaryny miras galdyrypdyrlar. Tebigatyň özboluşly görnüşi, halk üçin gözelligiň nusgasy bolupdyr. Haly döredijiliginde hem, tebigatda bar bolan dürli ösümlikler, haýwanlar, umuman aýdanyň-da janly-jandarlar, tebigatda bar bolan ähli gözellikler ýerleşdirilip gelnipdir. Aslynda türkmeniň tebigaty, topragy, bedew atlary, dutary, milli şaý-sepleri, şonuň ýaly-da nepis halylary hem gözeldir. Goý, mundan beýläk hem, dünýäni haýran edýän türkmen halysynyň owazy äleme ýaň salsyn.

Jeýhun GAZAKBAÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gda tajik THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

2026-nji ýylda Türkmenistan GDA-da başlyklyk eder

images THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Abu Ali ibn Sina – lukmançylykda yz goýan beýik şahsyýet

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop