glawny 1 THE ASHGABAT TIMES

Mukaddes Garaşsyzlyk we Hemişelik Bitaraplyk – türkmen halkynyň ruhy buýsanjy

31.10.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halky belent maksatlar, ak arzuwlar bilen Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen belleýär. Bu şanly seneler halkymyzyň kalbynda buýsanjyň, milli mertebäniň, şatlygyň hem-de ata Watana bolan çäksiz söýginiň nyşanyna öwrülýär. Her ýyl uly dabara bilen bellenilýän Garaşsyzlyk baýramy halkymyzyň ýüregine iň ýakyn, iň mukaddes senedir.

Bu gün biz göz guwanjymyzy, ýürek ýagymyzy, bagtly şu günümizi we has rowaç boljak ertirimiz bilen berk baglanyşdyrýan Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna barýarys. Bu baýramçylyk ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Garaşsyzlyk ýurdumyza halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda, uzak möhletleýin ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda giň mümkinçilikleri açdy. Häzirki wagtda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeleýär.

Türkmenistan halkara, sebit we döwletara düzümler bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary üstünlikli durmuşa geçirýär. Parahatçylyk medeniýetiniň we ynanyşmak derejesiniň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy bilen ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň tarapdary hökmünde tanalýar. BMG bilen Türkmenistanyň bilelikde alyp barýan tagallalary dünýäniň asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” hem-de “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýen şygarlar bu ugurda möhüm ýörelgeler bolup çykyş edýär.

Ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döretmek bilen parahat ýaşaýşy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinipdirler. Bu ýol-ýörelgeler Oguz han döwründen başlap, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynda giňden beýan edilip, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze many-mazmuna eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Döwlet adam üçindir!”, “Halka daýanmak – halkyň hatyrasyna” diýen ýörelgeler Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýär.

2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy baradaky Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi bu syýasatyň halkara derejesinde ýokary baha alnandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen Bitaraplygy – pähimdar pederlerimiziň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamydyr. Bu syýasatyň kökleri gepleşiklere, ylalaşyklara, ynanyşmaga daýanýar. Onuň maksady halklary jebisleşdirmek, birek-birege goldaw bermek, parahatçylykly ýaşamaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusynda “Halklar – bir jebis maşgaladyr” diýen sözleri tutuş adamzadyň jebislikde ýaşamagyna çagyryş bolup ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda belleýşi ýaly: “Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Biz Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrarys.” Bu parasatly sözler ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýandygyny görkezýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz we Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň goşa ganatydyr. Bu ganatlaryň saýasynda döwletli Diýarymyza diňe ösüşler ýar bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Gülöwser ANNAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
d07314d02775f41213f99cea6a652040 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk — halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

22 960x642 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat – ösüşiň, parahatçylygyň we medeniýetiň merjen paýtagty

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop