Dark
Light
26.12.2025
2222222222222 THE ASHGABAT TIMES

Nebitden öndürilýän önümler

22.10.2025

Biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan harytlarymyzyň ählisiniň düzüminde diýen ýaly nebitiň gaýtadan işlenilen önümleriniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Şeýle önümleriň sany bolsa 6 müňden hem kändir. Nebit ulaglar (awtoulaglar üçin benzin we dizel ýangyjy, uçarlaryň reaktiw hereketlendirijileri üçin uçar kerosini) üçin ýangyç almakda çig mal bolup durýar. Ýangyç nebitden alynýan esasy önümdir. Emma nebitden ýangyçdan başga-da, peýdaly önümleriň köp sanlysy alynýar. Ine, olaryň käbiri:
Polietilen ýa-da plastik — nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň iň köp ýaýranydyr. Plastikany ulanmagyň amatly tarapy oňa zerur bolan islendik şekili berip bolýanlygydyr. Mundan başga-da, plastikden ýasalan önümleriň düzümini hem zerur bolan şertlere laýyklykda, üýtgedip bolýandyr.
Aspirin — iň bir ygtybarly we howpsuz derman serişdeleriniň biri hökmünde köpden bäri bellidir. Her ýylda kelle agyrysyna, ýürek-damar kesellerine garşy, gyzgyn peseldiji we gany suwuklandyryjy serişde hökmünde aspiriniň birnäçe milliard gerdejigi satylýar. Asetilsalisil turşulygy himiki salisin bilen utgaşdyrylanda, agyry aýryjy täsiri berýär.
Gün batareýalarynyň panelleri — energiýanyň alternatiw çeşmeleri bolan bu önümler energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ýerini tutmaga gönükdirilendir. Emma olaryň taýýarlanylmagy üçin-de nebitiň gaýtadan işlenen önümleri zerur bolup durýar. Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän fotoelementler nebit rezininden ýasalýan panellere çalynýar.
Neýlon — nebitden alynýan täsin, özboluşly materiallaryň biridir. Bu günki günde zenanlaryň millionlarçasy neýlon joraplaryny ulanýarlar. Neýlon — berk, ýeňil sintetiki süýüm bolup, ol giňden peýdalanylýar. Häzirki döwürde neýlon gap ýuwujy serişdelerden başlap, paraşýuta çenli örän köp sanly harytlaryň taýýarlanylmagynda peýdalanylýar. Bu polimer 1935-nji ýylda «DuPont» kompaniýasynyň laboratoriýasynda oýlanyp tapylýar.

Berdimyrat SAPAROW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

k1xjxvwvagmgwr5afvnijgjgz0ottf 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Gruziýa parlamentara dialogy pugtalandyrmagy maksat edinýär

aaaaaaaaa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Suwaryş ulgamlaryndan aýawly peýdalanmak

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop