Dark
Light
03.01.2026
energ new bina THE ASHGABAT TIMES

Nesillere toý sowgady

02.10.2025

Häzirki wagtda milli maksatnamalarymyz, konsepsiýalarymyz we strategiýalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilip, döwrebap bilim edaralarynyň sany yzygiderli artýar. Şunda milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligi hem ýokarlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumyýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzyň energetika pudagynyň ylym-bilim binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Anyk maglumatlara salgylanyp aýtsak, institutyň täze desgalarynyň gurluşygy Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy bar. Goşmaça okuw binasynda umumy we amaly, kompýuter we lingafon, okuw-tejribehana otaglaryndan başga-da, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robot tehnikasy we emeli aň okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler jaýy, kiçi mejlisler jaýy, döredijilik merkezi hereket edýär. Okuw otaglary dünýäniň iň kämil okuw enjamlary, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Tejribe otaglarynda bolsa Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary elektroenergetika degişli okuwlary amaly şertlerde geçmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de täze okuw binasynda tebigy serişdelerden we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanýan ulgamlaryň döredilmegidir. Bu ýerde ýagyş suwy ýörite howuzlarda toplanyp, arassalanyp, institutyň çägindäki baglary suwarmak üçin peýdalanylar. Binanyň üçeginde kuwwaty 132 kilowata deň bolan Gün panelleri oturdylandyr. Ol Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmek arkaly binanyň yşyklandyrylyşynda sarp ediljek ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesini öndürer. «Täze kuwwat» diýlip atlandyrylýan monument toplumynyň kuwwaty hem 30 kilowata deň bolan ýel elektrik stansiýasyny we kuwwaty 15 kilowata deň bolan Gün elektrik stansiýasyny özünde jemleýär. Ýel we Gün elektrik beketleriniň öndürýän elektrik energiýasy binanyň töweregindäki yşyklandyryş ulgamy üçin sarp edilýär.

Umuman, Mary şäheriniň gözelligine görk goşýan bu ajaýyp desgalar ýurdumyzyň elektroenergetika pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirýär.

Döwletgeldi BADAGLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim mekdep THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim – kämillige ýol

1 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak boýunça foruma gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop