oba agrar THE ASHGABAT TIMES

Oba hojalyk pudagynyň rowaç menzilleri

13.10.2025

Sahawatly türkmen topragynyň rysgal-bereketi egsilmezdir. Hydyr gören bu topraga näçe yhlas siňdirseň, halal zähmet çekip, ideg etseň, berekedini kem etmez. Ata-babalarymyzyň: «Bu topraga bagry badaşanyň, gum diýip garbany gyzyl bolar» diýen sözi bihal däl bolsa gerek! Rysgal-berekediň halal çeşmesi hasaplanýan ene Ýere yhlas eden babadaýhanyň her bir dänesi müňläberer.

Il arasynda «Ýurduň bolçulygyna, il abadançylygyna baha berjek bolsaň bazaryna bar» diýiläýmesi bar. Rast aýdylan gürrüň! Ýurdumyzyň islendik künjegindäki ak bazarlaryna bararsyň welin, bereketli topragymyzda ýetişdirilen azyk harytlaryň bollugyndan gözüň dokunyp, göwnüň göterilýär. Oba hojalyk önümleri ak bazarlarymyzyň bolçulygyny, döwletli saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Aýdylyşy ýaly, «göwnüň «guşuň süýdüni» islese-de tapdyrýar. Ýylyň islendik paslynda ak bazarlarymyzdaky ter miwedir bakja önümleriň bolçulygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bol-elin, durmuşyny üpjün etmek babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Türkmen daýhanynyň üstünliginden söz açylsa, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen önüm öndürijilere uzak möhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi we munuň ýörite «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny bilen berkidilendigini bellemek hökmanydyr. Halal zähmet çekip, baýamak isleýän daýhan üçin döredilen şeýle amatly şertiň üstüniň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn we ylmy esasda ösdürmäge, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň girdejililigini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler bilen ýetirilmegi, oba hojalyk pudagynyň gysga wagtda ösüşiň belent menzillerini aşmagyna getirdi.

Ata-babalarymyzdan miras galan daýhançylyk däp-dessurlary, edim-gylymlary döwrebap usullar hem ösen tehnologiýalar bilen utgaşdyrylyp, seçgiçilik, tohumçylyk ugrunda iş alyp barýan ylmy edaralardyr oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň jogapkärli işleri, ekerançylaryň yhlasly zähmeti netijesinde tohumlaryň täze sortlary döredilýär. Muňa mysal hökmünde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze sortlarynyň döredilendigini bellemek ýerlikli bolar. Ýurdumyzda «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, şeýle hem halkara tejribä esaslanýan seçgiçilik, tohumçylyk pudagynda dowam etdirilýän ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň, hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda dabarasy dünýä dolýan ýurdumyzyň şan-şöhraty elmydama belent bolsun! Mähriban halkymyz bagtyýar durmuşda halal zähmetiň hözirini görüp ýaşasyn!

Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
kitap gadymy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halk döredijiliginde fiziki hadysalaryň beýany

1111 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly ulgamyň jemgyýete ornaşdyrylmagy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop