sanly ulgam b THE ASHGABAT TIMES

Özgerişleriň sanly ösüşi

22.10.2025

Dünýäniň çar künjünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen kompýuterleşdirmek ösüşinde has ösen çylşyrymly sanlaşma adamzadyň ösüş aýratynlygyny gün geldikçe täzeçilleşdirýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň  tapgyrlarynyň çäklerinde «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar. Uzak aralykdan dolandyrylýan iýmitlendiriş çeşmesini ýa-da yşyklandyryşy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Dogrusy, eýesiniň güýji bilen dolandyrylýan hadysalary awtoulaglar ýa- da hiç hili eýesiz ulaglar bu günki gün dünýä tehnologiýasynda geň hadysa däldir.

Häzirki döwürde dünýäniň ýüzünde «akylly öýleriň» köpelmegi we olaryň täsinden, täsinleriniň ýüze çykmagy, şol bir wagtyň özünde eýesini tanamak, onuň sesi bilen öýüň dolandyrylmagyny gazanmak ýaly gyzykly hadysalar, baryp sensorlar zamanasynyň altyn çagynda amala aşyryldy. Sanly tehnologiýalaryň ösüşi adamzadyň aň-ösüş derejeleriniň akyl ýetirilmesizligine hem-de şol ulgam boýunça durmuşymyzy has-da öňdebaryjy edip kesgitleme bermek ugry boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.

Häzirki zaman tehnologiýalar zamanasynyň bu ajaýyp görnüşli öýlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy, elbetde, döwletimiziň adamlar üçin edýän aladalarynyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzda hem bu işleriň amala aşyrylmagy, ýaşlaryň üstünlikli işläp, bu ugurda täze tehnologiýalary döretmekleri täze nesliň emele gelýändigini alamatlandyrýan hadysadyr. Emma eýesi ýok wagty öýüň gowy saklanmagy we öz aklyny ulanmagy bolsa, gerekli zatdygyny subut etdi.

Öý eýesi ýok wagty jaýyň suw geçirijilerinde şikes dörese, sensorlar suw syzmany duýýar we öý eýesine habar berip, suw geçirijileriň ählisini öçürýär. Öýüň howpsuzlygy ýokary derejede üpjün edilýär. Dogrusy, sensorlar dünýäsi ilkinji nobatda «eýesine tehnologiýany okatmak» bilen amala aşyrylýar. Munuň özi geljegi saklaýan täzelikçileriň tapan oýlap tapyjylygydyr. Dogrusy, adam ýok wagty öýde hereket duýulsa, intellektual ulgama ornaşdyrylan habar beriş enjamlary wideoşekil görnüşinde öý eýesine habar ugradýar. «Akylly öý» ulgamy «akylly» programmalaryň birnäçesinden ybaratdyr. Olar biri-biri bilen baglanyşykly bolup, merkezi nokatdan girip bolýar. Noutbuklar, planşetdir smartfonlar ýa-da beýleki «akylly» enjamlar merkezi nokat bolup hyzmat edýär.

Çünki birtopar ownuk öý işlerini ýada salmak we ýerine ýetirmek, temperaturadan başlap, çyglylyga çenli gözegçilik diňe bir artykmaç wagt talap etmän, eýsem, ünsüňi bölýär. Sanlaşdyrylan dünýäde has ýokary netije gazanmagy başarýan tehnologik zamana bolsa, bu günki gün has ýokary hilli tehnologiýalaryň döremegine öz täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, biziň durmuşymyz özgerýär, ösýär. Şoňa görä-de, «akylly öý» ulgamy häzirki zamanyň iň amatly ofis we öý dolandyryş usuly hökmünde barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki döwür ýaly tehnologik ösüşleriň zamany bolmagy bolsa, bu günki gün täze ymtylyşlara barýan adamzat taryhynda iň ösüşler zamany bolup ýadygärlik galar.

Daýanç BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dc26c334a6f48721556747156468d6e3 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen Alabaýy – Milli buýsanjymyz

mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watanymyzyň bagtly geljegi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop