Dark
Light
15.01.2026
bmg diploma THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

27.10.2025

Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk  ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümizde barha rowaçlanýar. Aýratyn hem, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär. Geçen taryhy döwürde toplanan daşary syýasy we diplomatik tejribe bolsa Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Şu ýyl iki şanly sene — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy giňden baýram edilýär. Şanly seneleriň hormatyna şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly seneleri giňden dabaralandyrmak we dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen gymmatlyklara we köpugurly hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de ygrarlydygyny görkezen möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlary umumadamzat üçin ýokary halkara ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini, «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy, Hazar ekologiýa forumyny geçirmek, Halkara araçylyk gününi, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny», Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky we beýleki başlangyçlary görkezmek bolar.

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň bütin dünýäde giňden dabaralanmagy aýratyn bellärliklidir. Şunda 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forumyň ýokary ähmiýete eýe boljakdygyny ynamly aýdyp bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

italiya 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Italiýa: netijeli gatnaşyklaryň täze sahypasy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk şöhratymyz – şanymyz

Soňkylar Makalalar

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

15.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän ähmiýetli bolup, türkmen halkymyz 2026-njy ýyla ― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan

Beýik işler bilime daýanýar

14.01.2026
Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň

Türkmen sporty şöhratlanýar

13.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde geçen ýyla nazar aýlanymyzda ylymly-bilimli,

Aýdyň maksatlar bilen bedew batly ösüşlere

13.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi döwletimiziň ösüş ýolunyň ruhy, syýasy we strategik ugruny kesgitleýän möhüm wezipedir. Şundan ugur alnyp,
GitTop