Dark
Light
25.01.2026
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy

22.10.2025

Adamzat taryhy müňýyllyklaryň dowamynda beýik öwrülişikleri başdan geçirip, döwlet gurmakda ägirt uly syýasy tejribe toplady, dünýä ähmiýetli açyşlary ylma möhürledi. Muňa garamazdan, şol şöhratly taryhda bolşy ýaly, häzirki wagtda hem parahatlyk we ynanyşmak iň gymmatly, iň gadyrly düşünje bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem Türkmenistan döwletimiziň öňbaşçylygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýäniň ähli ynsanlarynyň parahat durmuş baradaky arzuwlarynyň beýanydyr.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagy hem-de Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüniň tutulmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň logiki dowamy hökmünde möhüm ähmiýetli boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini aýdyň görkezýär.

Parahatçylyk ― adamzat kalbynyň ýaşaýyş şerti. Parahatçylyk diňe bir asuda ýaşaýyş däldir. Ol jemgyýetiň ösüşi, döredijiligi, medeniýetiň gülläp ösmegi üçin zerurlykdyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly meşhur goşgusynda: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr, // Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, // Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýlip bellenilýär.

Görnüşi ýaly, parahatçylyk adam kalbyndaky iň arassa dilegdir. Ynanyşmak bolsa şol dilegiň beýik güýjüdir. Türkmenistan dünýäde şu iki gymmatlygy beýik tutup bilýän döwlet hökmünde çykyş edýär. Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de milli diplomatiýamyzy ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bolsa halkara parahatçylygyny üpjün etmekde, abadan ýaşaýşy wagyz etmekde dünýä nusgalykdyr. Täze taryhy zamanamyz bolsa türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan dostluk, raýdaşlyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan şöhratly zamanadyr.

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sanly ulgam s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ykdysadyýet – döwrüň talaby

qcgf6h5vpqokymetnoindc0zfltg9g 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Botswana Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop