THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljegiň binýady

13.10.2025

Saglyk — adam üçin iň gymmatly we bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Ol ynsan ýaşaýşynyň binýady bolup, ruhy we fiziki abadançylygyň esasyny düzýär.

Sagdynlygyň we abadançylygyň ýurdy bolan eziz Watanymyz Türkmenistan döwletinde halkymyzyň saglygyny goramak, berkitmek hem-de saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly çäreler “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň hem-de derman kärhanalarynyň gurulmagy we halkymyzyň hyzmatyna berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Bu çäreleriň ählisi raýatlaryň saglygyny üpjün etmek, olaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrunda döwletimiziň edýän tagallalarynyň beýanydyr.

Leýli JUMAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bilim okuwcs THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim – kämilligiň gözbaşy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Global ykdysadyýetde kiberhowpsuzlygyň orny

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop