Dark
Light
28.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Saglyk – Bagtyýar Durmuşyň Binýady

10.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan saglygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. Bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda ynsan saglygynyň goralmagy, halkymyzyň eşretli we ruhubelent ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Her ýyl giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem bu ugra berilýän aýratyn ähmiýetiň aýdyň subutnamasydyr.

«Saglyk» döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak we halkymyzyň saglygyny üpjün etmekde möhüm ýol görkeziji bolup çykyş edýär. Adam saglygy – başyň täji, ähli baýlyklardan ýokary durýan gymmatlyk. Halkymyz asyrlardan bäri «Saglyk – beglik», «Jan saglygy bolmasa, dünýäniň giňliginden ne peýda» diýen pähimler bilen saglygyň ähmiýetini belent tutup gelýär.

Döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramak, nesilleriň sagdyn ösüşini üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap saglygy goraýyş merkezleri gurulýar. Bu merkezler keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak üçin iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Lukmançylyk işgärleri bolsa, ak ýürekden hyzmat edip, halkymyzyň saglygyny goramakda uly zähmet çekýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bagtyýar geljegine hyzmat edýär. Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümlikler, olaryň peýdaly aýratynlyklary we ulanylyş usullary saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy binýadyny has-da berkidýär. Bu ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlar we dermanlar halkymyza giňden ýetirilýär.

Saglyk – ýaşaýşyň çeşmesi. Garaşsyz Diýarymyzda sagdyn jemgyýeti gurmak, halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň miwesidir. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaç alsyn!

Aýna GELDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Medeniýet — milli ruhuň binýady

gda dusenbe THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Duşenbede GDA-nyň sammiti geçirildi

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop