Dark
Light
27.12.2025
24c11620b795e7234de2acb3bed946e5 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Sanly ykdysadyýet — Geljegiň binýady

08.10.2025

XXI asyr sanly ösüşiň, ýokary tehnologiýalaryň hem-de intellektual ykdysadyýetiň asyry hökmünde dünýäniň ösüş ýoluny kesgitleýär. Häzirki zaman jemgyýetinde sanly tehnologiýalaryň orny barha artýar. Bu ýagdaý dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmaga itergi berýär. Türkmenistan hem bu ugurda öňdebaryjy başlangyçlary bilen tapawutlanýar.

Sanly ykdysadyýet giň düşünje bolup, döwlet dolandyryşyndan başlap, bank ulgamyna, bilimden saglygy goraýşa, senagatdan oba hojalygyna çenli ähli pudaklaryň sanly esasda ösdürilmegini öz içine alýar. Bu ulgam arkaly işleriň netijeliligi ýokarlanýar, hyzmatlar elýeterli bolýar, maglumat alyş-çalyş tizleşýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” bu ugurda möhüm ädimdir. Maksatnama esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, elektron hyzmatlaryň giňeldilmegi we ýaşlaryň sanly sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Sanly ykdysadyýetiň täsiri diňe döwlet derejesinde däl, eýsem raýatlaryň gündelik durmuşynda-da duýulýar. Meselem, elektron söwda arkaly öýden çykmazdan haryt satyn almak mümkinçiligi döredilýär. Onlaýn bilim çeşmeleri bilen islendik ýaşdaky adam öz ukybyny ösdürip bilýär. Sanly bank hyzmatlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy hem halkymyzyň gündelik işlerini ýeňilleşdirýär.

Bu mümkinçilikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, wagt tygşytlamaga we ykdysady işjeňligiň artmagyna ýol açýar. Sanly ykdysadyýet — döwrebap jemgyýetiň binýady, ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde ýurdumyzyň geljegine giň ýol açýar.

Aýmanjan ATAJANOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

guyz kitap THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Güýzde ýüregiňizi gyzdyrjak romanlar

world cotton day 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

AK ALTYNYŇ BAÝRAMY

Soňkylar Makalalar

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop